logo

Sport

Türkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldularTürkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldular
SportTürkmenistanyň Habarlary

Türkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldular

11 - 17-nji awgust aralygynda Issyk-Kulda (Gyrgyzystan) geçirilen Unifight boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 2 altyn, 11 kümüş we 3 bürünç – jemi 16 medala mynasyp boldular. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler. Toýly Bazarow 2-nji umumybilim orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy. Ol nyşana pyçak zyňmakda çempion adyna we 55 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen nusgawy uniwersal söweş boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Hytaýda Messiniň aýak yzlary galan gazon satuwa çykarylarHytaýda Messiniň aýak yzlary galan gazon satuwa çykarylar
JemgyýetSport

Hytaýda Messiniň aýak yzlary galan gazon satuwa çykarylar

Lionel Messiniň iýun aýynda üstünde futbol oýnan torf (gazon) bölekleri Pekindäki Işçiler stadionynyň dolandyryş kompaniýasy tarapyndan satylar. Bölekleriň ölçegi görkezilmedik, ýöne olar argentinaly meşhur futbolçynyň oýun meýdançasynda işjeň hereketleri bilen tapawutlanan ýerlerinden alyndy. Mysal üçin, Messiniň oýnuň 81- nji sekundynda geçiren goluny uran ýeri – diýip, South China Morning Post gazeti ýazýar.

Türkmen boksçysy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda muaý taý boýunça bürünç medal gazandyTürkmen boksçysy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda muaý taý boýunça bürünç medal gazandy
SportTürkmenistanyň Habarlary

Türkmen boksçysy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda muaý taý boýunça bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň muaý-taý boýunça wekili Muhammet Jumamuradow Belarus Respublikasynda geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň soňky gününde Taý boks ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldy. Türkmen sportçysy 86 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşip ýarym finala çykdy we birkemsiz gapma- garşylykda garşydaşyndan utuldy. Ýöne bürünç ugrundaky bäsleşikde mynasyp söweş görkezip, münberiň üçünji basgançagyny eýeledi.