

Türkmenistan we Özbegistan Dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyny geçirerler
Türkmen we özbek futbol toparlary 16-njy noýabrda Aşgabatda Dünýä çempionaty-2026 we Aziýanyň kubogy 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde duşuşarlar.


Türkmen we özbek futbol toparlary 16-njy noýabrda Aşgabatda Dünýä çempionaty-2026 we Aziýanyň kubogy 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde duşuşarlar.


Türkmen küştçüleri 14, 16 we 18 ýaş derejesindäki oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.


Aşgabatda geçiriljek Kuraş sporty boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň başlamagyna on gün galdy. Bu çempionat 23 - 28-nji noýabr aralygynda geçiriler.


Saud Arabystanynyň “Al Nasr” futbol toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo 1,3 mln dollarlyk sagady sowgat aldy.


Birnäçe hüjümlerden soň, oýnuň 81-nji minutynda “Ahalyň” oýunçysy Alibek Abdyrahmanow gol geçirdi. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýöne, “Pahtakor” boýun egmek islemedi.


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda awiaenjamlar boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Goranmak ministrliginiň Awiasiýa kluby tarapyndan guralan bäsleşige Türkmenistanyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Muhammet Ezizow 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda paýtagtda geçirilen Türkmenistanyň erkekleriň arasyndaky küşt çempionatynyň ilkinji ligasynyň Aşgabat saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy.


Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi bilen Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri türkmen ilçisi Nazarguly Işangulyýewiň we ady agzalan merkeziň direktory Mihail Portnoýyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.


30-njy oktýabrda futbol boýunça geçen möwsümiň jemleri boýunça "France Football" gazetiniň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.


Özbegistanyň Daşkent şäherinde ilkinji "Global Skating Academy" ýaryşy geçirilip, oňa Türkmenistandan figurlaýyn typmak boýunça ýaş türgenler hem gatnaşdylar.


Aziýa Futbol konfederasiýasy "AFK-2022-niň" şahsy sylaglaryna hödürlenjek dalaşgärleri mälim etdi.


Ýaş türkmen tennisçileri Özbegistanyň Garşy şäherinde "ATF14& Under" görnüşi boýunça ýaş tennisçileriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda 4 altyn medal gazandylar.


AFK kubogynyň 3-nji tapgyrynda – möhümligi boýunça Aziýanyň klub ýaryşynyň ikinjisi - Aşgabadyň "Altyn Asyr" topary 2:1 hasabynda "Merw" -i ýeňmegi başardy.


Ýaş türkmen küştçileri 15-26-njy oktýabr aralygynda Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde geçirilen 8, 10 we 12 ýaşa çenli küştçileriň arasynda dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, halkara derejelerini ep-esli ýokarlandyrdylar.


25-nji oktýabrda, ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda Sportda dopinge garşy göreşýän taraplaryň konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy öz işine başlady. Bu çärä ÝUNESKO-daky Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle hem, wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň baş hünärmeni Ýaýlymow girýär.