HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DeepSeekMath-V2 halkara olimpiadalaryň altyn medaly derejesine ýetdi

Dekabr 01, 2025 | 16:30 |5714
Hytaýyň DeepSeek atly startap kompaniýasy täze DeepSeekMath-V2 emeli aň modelini hödürledi. Bu model çylşyrymly matematika meseleleri çözmekde täsirli netijeleri görkezýärHytaýyň DeepSeek atly startap kompaniýasy täze DeepSeekMath-V2 emeli aň modelini hödürledi. Bu model çylşyrymly matematika meseleleri çözmekde täsirli netijeleri görkezýär
Çeşme: gptml.ru

Hytaýyň DeepSeek atly startap kompaniýasy täze DeepSeekMath-V2 emeli aň modelini hödürledi. Bu model çylşyrymly matematika meseleleri çözmekde täsirli netijeleri görkezýär. Algoritm Halkara Matematika Olimpiadasynyň (IMO 2025) hem-de Hytaý Matematika Olimpiadasynyň (CMO 2024) altyn medal derejelerine deň gelýän mümkinçiliklere eýedir.

DeepSeekMath-V2 Putnam meselelerinde hem 120 utukdan 118 utuk toplady, bu bolsa iň gowy adam netijesi bolan 90 baldan ep-esli ýokarydyr. Bu üstünlik dil modelleriniň adaty ýagdaýda diňe adam zehinine degişli hasaplanýan çylşyrymly, abstrakt meseleleri çözmäge golaýlap barýandygyny görkezýär.

Öňki AI modelleri dogry jogaplary berip bilýärdi, ýöne köplenç dogry çözgüt ugruny görkezmeýärdi. DeepSeekMath-V2 bu meselä aýratyn barlaglaýjyly köp basgançakly çözgüt prosesi bilen çemeleşýär. Bu gurluş algoritme aşakdaky mümkinçilikleri berýär:

• Çözgüt basgançaklaryny hakyky wagt tertibinde barlamaga we kämilleşdirmäge;

• Daşarky programma üpjünçiligini (kalkulýatorlar ýa-da kod interpritatorlary ýaly) ulanmazdan öz netijelerini tankyt edip, kämilleşdirmäge.

Netijede, modeliň ýokary öndürijiligi onuň pikirlenmek ukybyna baglydyr. Has çylşyrymly meselelerde model köp sanly mümkin bolan subutnamalary döredip, barlap, soňky jogaba bolan ynam derejesini ýokarlandyrmak üçin hasaplaýyş kuwwatyny artdyrýar.

DeepSeek modeli OpenAI we Google DeepMind tarapyndan yglan edilen, ýöne heniz çykmadyk meňzeş modellere jogap hökmünde hödürlendi. DeepSeekMath-V2 hytaý startapynyň tehniki jikme-jikliklerini açyk görkezýändigi, bu babatda amerikan kompaniýalarynyň gizlinlik syýasaty bilen tapawutlanýandygy bellärlikdir. Bu açyklyk DeepSeek-iň pudagyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen deň derejede barýandygyny görkezýär.

ORIENT

Goşmaça okaň:

Google DeepMind we OpenAI tarapyndan döredilen AI 2025-nji ýylyň Halkara Matematika Olimpiadasynda altyn medala eýe boldy

AI modelleri birža söwdasynda ýaryşýar: DeepSeek V3.1 GPT we Gemini-den öňe geçdi

DeepSeek we Grok kripto biržasynda GPT-5 we Gemini-den öňe geçip, +25% girdeji gazandy

ChatGPT sesi we teksti birleşdirdi: nobatdaky täzelenme emeli aňy has tebigy görnüşdäki gürrüňdeşlige getirdi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026