HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Oktýabr 21, 2026 | 17:00 |423
Çeşme: orient.tm

Malaýziýa birnäçe hepde bäri serhetaşa tüsseli duman bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Yzygiderli ýagyşlara garamazdan, Kuala-Lumpuryň üstündäki hapalanan howa diýen ýaly dargamaýar, ýurduň meteorologiýa gullugy bolsa ýagdaýyň haçan gowulanjagy barada anyk möhlet aýdyp bilmeýär.

Paýtagtda howanyň hil görkezijileri takmynan iki hepde bäri saglyk üçin ýaramaz derejede saklanýar. Goňşy etraplarda hem ýagdaý meňzeş bolup, gysga wagtlaýyn ýagyşlar tüssäni ep-esli azaltmaýar.

Malaýziýanyň Meteorologiýa departamentiniň baş direktorynyň orunbasary Ambun Dindangyň sözlerine görä, diňe ýagyş ýeterlik däl, sebäbi tüssäniň çeşmesi henizem dowam edýär we ýeller hapalanan howany Malaýziýa tarap alyp gelýär.

Meteorologiýa gullugy ýagdaýy Indoneziýanyň birnäçe sebitinde dowam edýän tokaý we ýer ýangynlary bilen baglanyşdyrýar. Ýangynlardan çykýan tüsse soňky hepdelerde serhetlerden geçip, goňşy ýurtlaryň howasynyň hiline täsir edýär.

Uzak wagtlap dowam edýän tüsseli duman Kuala-Lumpurda gündelik durmuşa hem täsir edip başlady. Şäher üçin häsiýetli açyk howadaky kafelerde we nahar nokatlarynda müşderileriň sany azaldy, sebäbi ýaşaýjylar we syýahatçylar daşarda uzak wagt galmak islemeýärler.

Ýagdaý bilim ulgamyna hem täsir edýär. Ýerli häkimiýetler we mekdepler howanyň hili baradaky çaklamalara görä sapak tertibini üýtgedýärler, käbir okuw edaralarynda bolsa sapaklar wagtlaýyn bes edildi.

Häkimiýetler ilata howanyň hili we howa şertleri baradaky resmi maglumatlary yzygiderli yzarlamagy we zerur bolanda açyk howadaky işjeňligi azaltmagy maslahat berýär.

Malaýziýanyň Meteorologiýa departamentiniň maglumatyna görä, tüsseli dumanyň haçan doly dargajakdygyny häzirlikçe kesgitlemek mümkin däl. Ýagdaýyň gowulanmagy esasan ýeliň ugrunyň üýtgemegine bagly bolar.

CCTV+ habar bermegine görä, serhetaşa tüsseli duman Malaýziýada dowam edýär we gündelik durmuşa, mekdepleriň işine hem-de şäher ykdysadyýetiniň käbir ugurlaryna täsir edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026