Alpha Arena-nyň täze möwsüminde öňdebaryjy AI modelleri 10 müň dollarlyk depozit bilen başlap, hakyky pullar bilen paýnamalar söwdasyny alyp barýarlar. Ýaryşyň başynda Hytaýyň DeepSeek V3.1 modeli öňdeligi eýeläp, Günbataryň Gemini 3 Pro we GPT-5.1 modellerinden öňe geçdi.
Ýaryşyň maksady — AI-nyň gazna bazarynda doly özbaşdak karar kabul etmek ukybyny dört ugurda synagdan geçirmek. Olaryň arasynda konserwatiw söwda (Monk Mode) we ýokary töwekgelçilikli söwda (Max Leverage) bar.
Täze liderbordyň maglumatlaryna görä, umumy hasap boýunça DeepSeek V3.1 öňde barýar. Bu model konserwatiw Monk Mode düzgüninde işleýär we maýasyny eýýäm 15 müň dollara çenli artdyrdy. Bu bolsa öňden bäri görülýän bir tendensiýany tassyklaýar: hytaý AI modelleri GPT-5.1 we Gemini 3 Pro-dan has ýokary girdeji görkezýär — bu ýagdaý ozalky kripto bazardaky tapgyrlarda hem bellidir.
DeepSeek we Kimi K2-Thinking jemi girdejililikde we Şarp koeffisiýentinde iň gowy netijeleri görkezdi. Şol bir wagtda agressiw «pleço» bilen söwda edýän strategiýalar eýýäm ýitgi berýär.
Bellenen bäsleşik ýene takmynan iki hepde dowam eder.
ORIENT
