ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitde durnuklylygy, ykdysady ösüşi we umumy abadançylygy ilerletmäge has işjeň goşant goşmaly. Bu barada Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan sişenbe güni Duşenbe şäherinde aýtdy.
Ol ŞHG-ä agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 25-nji mejlisinde çykyş edip, şu ýyl guramanyň döredilmegine 25 ýyl dolýandygyny belledi.
Li Sýanyň sözlerine görä, sentýabrda Bişkekde geçirilen ŞHG sammiti parahatçylyk we ösüş boýunça hyzmatdaşlyga täze itergi berdi, emma halkara ýagdaýynda durnuksyzlyk we näbellilik henizem artýar.
Premýer agza ýurtlaryň agzybirligi güýçlendirmelidigini, “Şanhaý ruhuna” ygrarly bolmalydygyny we amaly hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmalydygyny aýtdy.
Ol esasy ugurlaryň biri hökmünde ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny görkezdi. Onuň sözlerine görä, agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň biri-birini doldurýan mümkinçiliklerinden peýdalanmak sebit ykdysady integrasiýasyny çaltlandyryp biler.
Li Sýan şeýle hem durnukly we ygtybarly halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de dünýä önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny goramaga çagyrdy.
Howpsuzlyk ulgamynda Hytaý beýleki agza ýurtlar bilen bilelikde ŞHG-niň dört howpsuzlyk merkezi üçin institusional gurluşlary we düzgünleri mümkin boldugyça tiz tamamlamaga taýýardygyny mälim etdi.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Hytaý ŞHG ýurtlaryndan 1 müň lukmançylyk hünärmenini hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.
Li Sýan guramanyň halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary hem giňeltmelidigini, köptaraplylygy goldamalydygyny we global dolandyryşy kämilleşdirmäge goşant goşmalydygyny belledi.
Mejlise gatnaşan beýleki taraplar hem ŞHG-niň Týanszin we Bişkek sammitleriniň netijelerini durmuşa geçirmegiň, utgaşdyrmany güýçlendirmegiň we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Mejlisiň ahyrynda hökümet baştutanlary bilelikdäki komýunike gol çekdiler, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe resminamany tassykladylar we guramanyň mundan beýläkki ösüşine degişli çözgütleri kabul etdiler.
CCTV+ habar bermegine görä, ŞHG ýurtlary howpsuzlyk, söwda, ulag we ynsanperwer gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, şol bir wagtda guramanyň sebit we halkara meselelerindäki ornuny güýçlendirmegi maksat edinýärler.






