HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan–Özbegistan: köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde gaz üpjünçiligi

Ýanwar 31, 2025 | 22:50 |8194
Özbek metbugatynyň habarlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistan gazyň arassa importçysy bolmagyny dowam etdirip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy gaz satyn alyşyny 2,4 esse artdyrdy. Milli statistika Agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan we Russiýadan jemi gaz importy 1,67 milliard dollara ýetdiÖzbek metbugatynyň habarlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistan gazyň arassa importçysy bolmagyny dowam etdirip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy gaz satyn alyşyny 2,4 esse artdyrdy. Milli statistika Agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan we Russiýadan jemi gaz importy 1,67 milliard dollara ýetdi
Çeşme: podrobno.uz

Özbek metbugatynyň habarlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistan gazyň arassa importçysy bolmagyny dowam etdirip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy gaz satyn alyşyny 2,4 esse artdyrdy. Milli statistika Agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan we Russiýadan jemi gaz importy 1,67 milliard dollara ýetdi.

Bu eýýäm ýurduň import edýän gazynyň eksport edilýän gazdan köpräk bolýan ikinji ýylydyr. Geçen ýylyň dekabrynda Özbegistanyň Hytaýa gaz eksporty noýabr aýyndaky 79,4 million dollardan 58,8 million dollara çenli azaldy, ýöne bu görkeziji henizem 2023-nji ýylyň şol bir aýyndaky görkezijisinden ýokarydyr. Özbegistan 2025–2026-njy ýyla çenli gazyň eksportyndan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirýär.

Hytaý bazarynda gazyň esasy üpjünçisi hökmünde Türkmenistan öňdeligi saklaýar. Ýurduň gaz eksporty 9,57 milliard dollara ýetip, yz ýanyndan Russiýa (8,03 milliard), Mýanma (1,39 milliard) we Gazagystan (1,36 milliard) gelýär.

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2024-nji ýylda 1,1 milliard dollardan geçendigi bellenildi. Energetika, senagat kooperasiýa, ulag we logistika, oba hojalygy hem-de suw serişdelerini ulanmak babatynda hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026