Howpsuzlyk boýunça ilkinji Merkezi Aziýa forumy 13-14-nji iýulda Astana şäherinde geçiriler


Gazagystan Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji Merkezi Aziýa forumyny gurnaýar, ol 13-14-nji iýulda Astana şäherinde geçiriler. Forumda Aziýanyň geljekdäki depginine, şol sanda global we sebit syýasaty, ykdysadyýeti, adam kapitaly, howanyň üýtgemegi, sanly üýtgeşmeler we dolandyryş ugurlaryna garalar. Ol öňdebaryjy halkara hünärmenleri, şeýle-de 30-a golaý ýurtdan hökümet we işewürler toparlarynyň wekillerini birleşdirer.
Gazagystanyň Strategiki barlaglar instituty tarapyndan Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen geçirilýän bu forum Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin görnükli syýasatçylaryň dialogy we özara gatnaşyklary üçin meýdança bolup hyzmat eder.
Aziýa sebiti syýasy we geo-ykdysady merkeze öwrülip barýar. Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy Aziýada ýaşaýar, dünýäniň 30 uly şäheriniň 21-si şu sebitde ýerleşýär. Aziýa 2040-njy ýyla çenli dünýä boýunça jemi içerki önümiň 50%-ini we global sarp edilişiň 40%-ini üpjün etmegiň ýoluna düşdi, bu dünýäniň agyrlyk merkeziniň ýerini üýtgedýändigini görkezýär.
Giň Aziýa sebitiniň aýrylmaz bölegi hökmünde Merkezi Aziýa diňe bir Aziýanyň içinde däl, eýsem Gündogar bilen Günbataryň arasynda-da söwda we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýelemegini dowam etdirer. Şonuň üçin bu ýylky forumyň mowzugynyň “Üýtgeýän dünýäde Merkezi Aziýa: geljegiň gün tertibi” bolmagy diýseň ýerliklidir.
Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýetleriniň 2023-nji ýylda ortaça azyndan 5,2% we 2024-nji ýylda 5,4% ösjekdigini çaklaýar.
Soňky 20 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi ortaça depginde 6,2% derejesinde ýedi esse artdy, bu görkeziji ösýän ýurtlaryň köpüsinden has çalt we tutuş dünýä boýunça ösüş derejesinden iki esse ýokarydyr.
Seýle-de, sebit üstaşyr geçiş mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga çalyşýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň soňky alty ýylda daşary söwda dolanyşygy 200 milliard dollardan geçdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda olaruň umumy daşary söwdasyndan has çalt ösýär.
Bu oňyn tendensiýalara seretmezden, howplar we kynçylyklar bar bolmagynda galýar – diýip, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Roman Wasilenko Ýewropanyň pikirler we seljeriş žurnaly bolan “Modern Diplomacy” neşiri üçin makalasynda ýazýar.
“Göterimleriň ähliumumy üýtgemelerine, inflýasiýa we çig haryt bahalaryna bolan näbellilik sebitiň uzakmöhletleýin perspektiwasyny bulaşdyrýar. Suw we energiýa üpjünçiligi – aýratyn-da topragyň zaýalanmagyna we oba hojalygy hem-de azyk howpsuzlygy üçin şertleriň ýaramazlaşmagyna getirip biljek howanyň üýtgemegini we onuň netijelerini, guraklygy we temperaturanyň ýokarlanmagyny göz öňünde tutsak, hemişelik ünsi talap edýän meseledir” – diýip, diplomat belleýär.
Merkezi Aziýanyň berlen mümkinçiliklerden peýdalanmagy we kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçmegi üçin sebitiň ähli döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek möhümdir.
Bu ugurda möhüm ädimler ädildi. 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň dördünji konsultatiw duşuşygy sebit hyzmatdaşlygy üçin möhüm tapgyr boldy.
Şeýle-de bolsa, dünýäniň hatda geçen ýyl bilen deňeşdirilende hem üýtgeýändigini görmek bolýar. Globallaşma sebitleşmegiň güýçlenmegi bilen utgaşýar. Geosyýasy näbellilik dünýäniň kuwwatly döwletlerinde ynamsyzlyk döretdi. Täzelenen howpsuzlyk binagärligini goşmak bilen halkara gatnaşyklarynyň täze düzgünleri we mehanizmleri teklip edilýär. Bu nukdaýnazardan Aziýa ýurtlary täze hakykatlara uýgunlaşmak we sebitiň yza galmazlygyny üpjün etmek üçin öz hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeli.
Geljek hepdede geçiriljek Merkezi Aziýanyň Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça forumy Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk pudagynda iň möhüm temalary ara alyp maslahatlaşmak üçin görnükli syýasatçylaryň arasynda gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň düýpgöter täze formatyna öwrüler.
Geljekde bu forum Howpsuzlyk boýunça Mýunhen maslahatynyň, ISS-Shangri La Dialogue, Raisina Dialogue ýaly her ýyl geçirilýän abraýly çäreleriň sebitleýin analogyna öwrülip biler.
ORIENT news








