HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Reňkli türkmen halylary, täze model Lada Aura, gün we ýadro desgalary - Soçide «Ýewraziýa – biziň öýümiz» Sergisi açyldy

Iýun 08, 2023 | 19:56 |8219
Soçidäki «Sirius» ylym we sungat seýilgähiniň çäginde «Ýewraziýa
–biziň öýümiz» sergisi açyldy. Ol, 7-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda
federal çäklerde geçiriljek Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine
bagyşlanýar. GDA ýurtlarynyň we EAEU-nyň wekilleri ýedi müň
inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän sergä baryp gördüler
diýip, «Mir 24» habar berýär.Soçidäki «Sirius» ylym we sungat seýilgähiniň çäginde «Ýewraziýa
–biziň öýümiz» sergisi açyldy. Ol, 7-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda
federal çäklerde geçiriljek Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine
bagyşlanýar. GDA ýurtlarynyň we EAEU-nyň wekilleri ýedi müň
inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän sergä baryp gördüler
diýip, «Mir 24» habar berýär.
Çeşme: kazinform

Soçidäki «Sirius» ylym we sungat seýilgähiniň çäginde «Ýewraziýa –biziň öýümiz» sergisi açyldy. Ol, 7-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda federal çäklerde geçiriljek Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine bagyşlanýar. GDA ýurtlarynyň we EAEU-nyň wekilleri ýedi müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän sergä baryp gördüler diýip, «Mir 24» habar berýär.

Türkmenistan elde dokalýan reňkli halylary bilen hemmäni haýran galdyrdy. Stend türkmen senetçileri tarapyndan dokalan ýüpek, ýüň we beýleki görnüşli halylar we haly önümleri bilen bezeldi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk materiallary ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni we ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz önümlerini hödürlediler.

ezgif-1-0705a5cf65.jpg

Özbegistan gün elektrik stansiýasy taslamasyny hödürledi. Russiýanyň «AvtoVAZ» konserni Lada Aura täze awtoulag modelini hödürledi. Bilermenler serginiň çäginde awtoulagyň giňeldilen görnüşiniň wezipeli işgärler üçin gowy ulanylyp bilinjegini we hatda «Aurus» bilen hem bäsleşip biljegini aýtdylar.

afwf.jpg

«Rosatom» döwlet korporasiýasynyň stendinde wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna dünýäniň iň ýaş we iň täsirli zawody - Russiýa- Belarusyň ýadro desgasynyň bilelikdäki taslamasy barada gürrüň berildi. Häzirki wagtda birinji blok eýýäm işe girizildi, ikinjisi synagdan geçirilýär.

Şeýle hem sergide Russiýa Federasiýasynyň Döwlet hasaba alyş, kadastr we kartografiýa federal gullugy (Rosreýestr) GDA giňişlik maglumat infrastrukturasy geoportalynyň iş prototipini görkezdi. Onuň 2025-nji ýylda işe girizlmegine garaşylýar. Bu, Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwletara giňişlik maglumatlaryny, dostlukly ýurtlaryň düýbünden programma üpjünçiliginden garaşsyz bir sanly platformada birleşdirýän ilkinji taslama.

imgpsh_fullsize_anim (33).jpg

Hususan-da, raýatlaryň we kärhanalaryň aýratyn durmuş ýagdaýlaryny çözmäge gönükdirilen geoportalda döredilmegi meýilleşdirilýän elektron hyzmatlarynyň demo görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde GDA ýurtlarynda ýokary bilim almak ýa-da iş tapmak, döwletara maýa goýum maksatlary üçin çäkleri saýlamak we syýahatçylyk ugurlary gurmak bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada gürrüň edilýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026