Soçide «Ýewraziýa – biziň öýümiz» sergisiniň çäklerinde türkmen önümleriniň görkezilişi bolar
08.06.2023 | 12:35 |Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk materiallary ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni we ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Soçidäki «Ýewraziýa – biziň öýümiz» sergisiniň çäklerinde türkmen önümlerini görkezerler.
Bu baradaky maglumat Türkmenistanyň ykdysady pudak boýunça wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradowyň Soçä amala aşyran saparynyň barşynda belli boldy, ol ýerde Ýewraziýa ykdysady toparynyň we GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçdi – diýip, Russiýadaky türkmen ilçihanasy habar berýär.
Çäreleriň jemleri boýunça Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmaýan wekiliýetleriň baştutanlary bilen duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bilen bilelikde surata düşmek dabarasynda duşuşdy.
ORIENT news