

BelTA «Arkalaşygyň Oýunlary» taslamasyna badalga berýär
Belarusyň iri maglumatlar agentligi BelTA Maglumatlar ministrligi bilen bilelikde «Arkalaşygyň Oýunlary» atly täze taslama badalga berýär.


Belarusyň iri maglumatlar agentligi BelTA Maglumatlar ministrligi bilen bilelikde «Arkalaşygyň Oýunlary» atly täze taslama badalga berýär.


GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň resmi saýty öz işine başlady – diýip, Syýahatçylyk baradaky milli agentlige salgylanyp, BelTA habar berýär.


Hytaýyň işewür işjeňliginiň önümçilik däl görkezijisi hyzmatlar ulgamynyň tiz dikelmegi we gurluşyk pudagynyň depginli ösmegi sebäpli dört aý bäri yzygiderli ösüşleri görkezýär. Bu barada ýekşenbe güni çap edilen resmi maglumatlara salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.


Belarusda gaz pudagynda zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin emeli intellekti ulanyp başladylar – diýip, ýurduň Energetika ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaş işewürleriň arasynda «Mahabat- üstünligiň açarydyr» atly festiwaly geçirer.


Hytaýyň gündogaryndaky Hançžou şäherinde BMG-niň 4-nji Bütindünýä maglumat forumy başlandy – diýip, China daily habar berýär.


Hytaýyň Çendisinde 2023-nji ýylyň 28-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli geçjek tomusky Bütindünýä talyplar oýunlaryna galan günleri sanap başladylar — oňa 100 gün galdy. Bu barada China daily habar berýär.


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko GDA boýunça hyzmatdaşlaryna kazyýet ulgamyny utgaşykly özgertmegi teklip etdi. Bu barada ol Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary kazyýetleriniň wekilleri bilen duşuşykda beýan etdi, olar Belarusyň kazyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň baýram edilmeginiň çäklerinde Minskä geldiler.


Günorta Hytaý welaýaty Haýnanyň paýtagty Haýkou şäherinde «Hytaý bilen duşuşyk» atly halkara media-syýahata badalga berildi – diýip, China daily habar berýär.


26-njy iýundan 1-nji iýula çenli Belarus döwlet uniwersitetinde GDA ýurtlarynyň amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler – diýip, BelTA habar berýär. Onuň gurnaýjylary bolup ýokary okuw mekdebiniň geografiýa we geoinformatika fakulteti çykyş edýär.


Hytaýyň sarp edilýän harytlaryň üçünji halkara sergisi (CICPE) Haýnan welaýatynyň dolandyryş merkezi Haýkou şäherinde bu halkara görkezilişe gelýän myhmanlar üçin öz diwarlyklaryny açdy.


Türkiýäniň Ortaýer deňiz kenary fewraldaky weýrançylykly ýer titremesiniň netijelerine garamazdan, bu tomus syýahatçylaryň köp sanlysyna garaşýar. Bu barada pudagyň hünärmenlerine salgylanyp, China daily habar berýär.


Belarusyň Brest şäheriniň golaýynda ýörite IT-hünärmenleri üçin oba gurmagy meýilleşdirýärler – diýip, BelTA habar berýär.


Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu şenbe güni Assam ştatynyň Tezpur howa bazasyndan Su-30 MKI kysymly söweş uçary bilen harby uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 30 minut dowam etdi. Ol uçardan Gimalaý daglaryny gözden geçirdi – diýip, RIA Nowosti döwlet baştutanynyň sekretariatynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.


20-den gowrak diplomatik missiýalaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri Hytaýyň Guansi welaýatyna amala aşyrylan tanyşlyk saparyna gatnaşdylar – diýip, China daily habar berýär.