

Seýrek we gymmatly kitaplary dikeltmek türkmen we amerikan alymlary tarapyndan amala aşyrylar
Iki ýurduň alymlary tarapyndan seýrek we gymmatly kitaplary dikeltmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki türkmen-amerikan taslamasyna gaýtadan badalga berildi. Seýrek neşirler we artefaktlar Türkmen milli golýazmalar institutynda saklanýar, onuň hünärmenleri ABŞ-nyň Kongres kitaphanasynyň bilermenleri bilen bilelikde dikeldiş işlerine gatnaşarlar.



















