

“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt
“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline” kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.



















