

China Daily: alymlar Aziýadaki iň belent agajy tapdylar
«Aziýadaky iň belent agaç» rekordy Pekin uniwersitetiniň alymlary tarapyndan beýikligi 102,30 metre ýetýän serwi agajy tapylandan soňra täzelendi – diýip, China Daily habar berýär.


«Aziýadaky iň belent agaç» rekordy Pekin uniwersitetiniň alymlary tarapyndan beýikligi 102,30 metre ýetýän serwi agajy tapylandan soňra täzelendi – diýip, China Daily habar berýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň —Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyldaky ylmy makalalary, çykyşlary, söhbetdeşlikleri, ýüzlenmeleri ýygnanan kitabynyň 15-nji tomyny neşire taýýarlady.


Soňky wagta Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine howandarlyga mätäç bolan 100-den gowrak çaga operatiw bejergi aldylar, ýene-de 50 çaga — zerur lukmançylyk barlagyndan geçdiler. Türkmen hünärmenleri çagalara kardio-, neýro- we ortopedik operasiýalary geçirdiler.


Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi golaýda ýurduň çäginiň üsti bilen gazyň geçirilişiniň göwrüminiň artdyrylandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Bu barada ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň Güni mynasybetli iberen gutlagynda ýazdy – diýip, TDH habar berýär.


5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň birinjiligi geçiriler.


Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-eýran özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öňe sürmek boýunça anyk ädimlere garamak üçin Eýrana sapar bilen barar.


Türkiýäniň ýokary saýlaw geňeşi ýurduň häzirki lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanandygyny ykrar etdi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň maşgala agzalary Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady – diýip, TDH habar berýär.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň 11-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.


Fransiýanyň 2,5 sagatdan az wagt sarp edilýän demir ýol gatnawy bolan içerki ugurlar boýunça uçuşlara gadaganlygy güýje girdi. Ýurduň ulag ministri bu çäräni "dünýäde ilkinji" diýip atlandyrdy we ol adamlary ulagyň atmosfera zyňyndylary az bolan görnüşlerini ulanmaga höweslendirmäge gönükdirilendir.


27-28-nji maýda Daşkentde Uzbek Jewellery Fair-2023 häzirki zaman enjamlarynyň, tehnologiýalaryň we şaý-sepleriň ilkinji Halkara sergi-satuwy geçirilýär. Bu sergä özbek we öňdebaryjy dünýä şaý-seplerini öndürijiler, lomaý we bölek söwdanyň wekilleri, Italiýa, Saud Arabystany we Türkiýe ýaly 10-dan gowrak ýurtdan şaý-sep önümleriniň importy we eksporty bilen meşgullanýan logistika kompaniýalary gatnaşýar.


Kompozitor we pianinoçy Mammet Guseýnow 26-njy maýda Kaliningradyň Ýe.F. Swetlanowa adyndaky filarmoniýasynda geçirilen «Ýelena Obrazsowa bagyşlama» gala konsertine gatnaşdy. Ol aýaly Darýa bilen bilelikde özüniň asyl kompozisiýalaryny, şeýle hem şu ýyl tutuş saz dünýäsi tarapyndan 150 ýaşyny belleýän Sergeý Rahmaninowyň eserlerini halka hödürledi.


Aşgabatda üç günlük “DigiWomen Codefest” hakatony (bäsleşik) badalga aldy, bu bäsleşik innnowasiýa tehnologiýalar babatda artykmaçlygy bolan aýal-gyzlara öz işini döretmäge itergi berýän innowasiýa ideýalaryny we tehniki ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berer.


Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda söwda attaşesini belledi.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze döwlet baýragyny - Gagarin ordenini hödürledi. Döwlet baştutanynyň degişli permany şenbe güni çap edildi – diýip, TASS habar berýär.