

Aşgabatda Polşanyň täze ilçisi akkreditirlendi
Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi.


Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi.


Özbegistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň kinematograflary 1979-njy ýylda öndürilen “Ali Baba we kyrk garakçy” atly filmiň “gaýtadan işlenen” görnüşini düşürmek barada söhbet etdiler. Şol döwürde kino lentasy meşhur režissýorlar – russiýaly Latif Faýziýew we hindistanly Umeş Mehra tarapyndan düşürilipdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won Joony kabul etdi.


Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesi duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew we BSG-e goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermen, Türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň esasy mowzugy halkara daşky gurşaw gün tertibiniň möhüm meseleleri boldy.


Duşenbe güni Aşgabatda «Döwlet işgärleri üçin gender-ugry kesgitleme boýunça ýörite okuwlary işläp taýýarlamak» atly iki günlük seminar başlandy. Taslamanyň guramaçylary hökmünde Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde BMGÖM we UNFPA çykyş etdi.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Moskwada ýakynda geçirilen Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde ÝAYG ýurtlaryna Türkmenistanyň we Eýranyň deňizde we gury portlarynda infrastrukturany gurmak üçin bilelikdäki maýa goýumlarynyň mümkinçiligine garamaga çagyrdy. Onuň pikiriçe, bu bileleşige agza döwletleriň eksportynyň geografiýasyny ep-esli giňelder we maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer.


Bu ýyl 500 türkmen raýaty Russiýanyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde mugt okamaga mümkinçilik alar. Olardan bakalawr we hünärmen maksatnamalary boýunça - 355, magistr - 79, aspirantura we ordinatura - 33 ýerden, diýip Türkmenistandaky Rossotrudniçestwonyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň topary 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň birinjiligine taýýarlanmak maksady bilen Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdi.


«Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy KHBS-niň wekilleri üçin Hytaýyň gündogaryndaky Sýansu welaýatynyň Lýanýungan şäherine media-syýahat gurady.


Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmen diasporasy Türkmenistanyň Baş konsullygynyň goldamagynda XIII Bütinrussiýa oba sabantuý çäresine gatnaşdy, ol Astrahan oblastynyň Priwolžýe raýonynyň Üç ýap obasynda geçirildi.


2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap Türkmenistan we Rumyniýa ikitaraplaýyn esasda berilýän talyp haklarynyň mukdaryny artdyrdylar – diýip, Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.


Tesla Model Y elektrik krossoweri 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylýan maşyn boldy – diýip, The Verge neşiri habar berýär.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 7-nji iýunda bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini mälim etdi, onda döwlet eýeçiligine degişli 36 desga satuwa çykarylar. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 20 işgäri Hytaýyň Gümrük hyzmatdaşlygy gaznasynyň (CCF China) goldaw bermeginde Bütindünýä Gümrük guramasy (BGG) tarapyndan guralan töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça seminara gatnaşdylar.