

Türkmenistanda serhetleri saglygy goraýyşyň meseleleri bilen özara arabaglanyşykda dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Saglygy goraýyşyň meseleleri jähtinde serhetleri utgaşdyrylan ýagdaýda dolandyrmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (MHG) sebitleýin edarasynyň baş hünärmeni bilen duşuşygynda esasy tema boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýty habar berýär.



















