Habarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdilerMerkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdiler

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdiler

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy we Latwiýa ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Dabara, duşenbe güni Latwiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky ulag boýunça bäş egindeş başlyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirip, hyzmatdaşlygyň meselelerini hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşyp, birnäçe ylalaşyklar gazananylandan soň, 12-nji iýunda Rigada geçirildi.

Özbegistanda türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» forumy geçirildiÖzbegistanda türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» forumy geçirildi

Özbegistanda türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» forumy geçirildi

Şenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog-konferensiýasy geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan forum iki ýurduň wekillerini Özbek meýdançasynda ýygnady diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Gyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýelediGyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeledi

Gyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeledi

2022 – 2023-nji okuw ýylynyň maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünär ugurlary boýunça türkmenistanly ýaşlaryň 64-si bilim alýar. Bu görkeziji bilen Türkmenistan Gyrgyzystanda bilim alýan daşary ýurtly raýatlaryň sany boýunça ilkinji onluga girdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, 24.kg internet neşiri mälim edýär.

Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrarRussiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar

Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar

Russiýanyň Bilim ministrligi mugallymçylyk ugruna ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerine öňümizdäki okuw ýylyndan “Rus dili daşary ýurt dili hökmünde” ugry boýunça býujet esasynda okajak daşary ýurtlardan kabul ediljek talyplaryň sanyny artdyrmagy teklip etdi. Bellenişine görä, bu ugruň uly meşhurlyga eýe bolmagydyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi Russiýanyň bilim ministriniň orunbasary Denis Griboýedowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.