HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanda Özbegistan bilen Pakistany birleşdirýän demir ýol geçelgesi gurlar

Iýul 19, 2023 | 10:50 |6100
Pakistan, Özbegistan we Owganystan Transowgan demir ýol geçelgesini gurmagy maksat edinýärler. Degişli resminama 3 ýurduň iş toparlarynyň geçiren duşuşygynda gol çekildi.Pakistan, Özbegistan we Owganystan Transowgan demir ýol geçelgesini gurmagy maksat edinýärler. Degişli resminama 3 ýurduň iş toparlarynyň geçiren duşuşygynda gol çekildi.
Çeşme: news.myseldon.com

Pakistan, Özbegistan we Owganystan Transowgan demir ýol geçelgesini gurmagy maksat edinýärler. Degişli resminama 3 ýurduň iş toparlarynyň geçiren duşuşygynda gol çekildi.

Uzynlygy 760 kilometre barabar demir ýol Özbegistanyň Termez şäherinden başlanyp, Owganystanyň Mazari-Şarif we Logar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kurram sebitindäki Harlaçi serhet geçiriş ýerine çenli uzar. Degişli taslamany durmuşa geçirmek üçin 6 milliard amerikan dollary gerek bolar.

Hasaplamalara görä, degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Özbegistandan Pakistana ýükleri geçirmäge sarp edilýän wagt 5 güne çenli, ýol üçin çykarylýan çykdajylar hem azyndan 40 göterim azalar. Mundan başga-da, ol ýurtlaryň özara söwdasyna, sebitiň ulag we ykdysady gatnaşyklaryna oňyn täsir eder.

Taslamany 2027-nji ýylyň aýagyna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. 2030-njy ýyla çenli täze demir ýol şahasy arkaly ýylda 15 million tonna ýük daşalyp bilner.

Taraplar ütsaşyr demir ýol geçelgesini gurmak boýunça tehniki işleri geçirmegi we maýa goýum çeşmeleri boýunça hem ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026