

Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasy gurlar
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasyny gurar.


“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasyny gurar.


14-15-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde halkara kinofestiwal geçiriler.


Türkmenistanda birinji synpa gidýän okuwçylaryň ählisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap noutbuklar sowgat berildi.


Şu ýylyň noýabr aýynyň 14 — 17-si aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.


Ir bilen 1-nji sentýabrda -- Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.


Mejlisiň dowamynda iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


6-7-snji sentýabrda Hytaýyň Gansu sebitiniň Dunhuan şäherinde "Ýüpek ýoly" halkara medeni sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary hem görkeziler.


Aziýa uniwersitetleriniň birleşiginiň başlangyjy bilen esaslandyrylan VI Aziýa talyplar forumy 6-njy sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, bu forumyň geçiriljek ýeri Ş.Raşidow adyndaky Samarkand döwlet uniwersiteti bolar we Merkezi Aziýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň 30 ýokary okuw mekdebinden 200-den gowrak döredijilik ýaşlarynyň wekilini birleşdirer.


Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) başlyklygyny Täjigistan Gazagystana geçirer. Gaznanyň geňeşi 14-nji sentýabrda meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň maslahat geňeşiniň çäginde Duşanbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi aýtdy.


Esaslandyrylan senesinden, ýagny 1978-nji ýyldan bäri türkmenistanly karateçileriň sany 40-dan 38 müňe çenli artdy, diýip Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň sosial hasabynda mälim edýär.


Oguz Han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kino režissiýorlary “Korkut ata - 2023” türk dünýäsiniň kino festiwalynyň emin agzalaryna goşulmak we bu film forumyna gatnaşmak üçin çakylyk aldylar.


11-12-nji oktýabrda Astrahan şäherinde Nebitgaz pudagynda ýaşlaryň ylmy we tehnikasy boýunça ikinji halkara forumy geçiriler. "Hazar - üstünligiň deňzi" diýlip atlandyrylýan pudaklaýyn forum hususanda, hazarýaka döwletleriň nebitgaz pudagyndaky alymlaryny, mugallymlaryny we ýaş hünärmenlerini bir ýere jemlär.


Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň 30-dan gowragynyň, birnäçe halkara guramalaryň wekilleri 7-8-nji sentýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahatyna gatnaşarlar. Onda dünýäde we Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy, oba hojalygynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.


Ýylyň başyndan bäri 27 müň tonna türkmen pomidor önümleri goňşy ýurtlara eksport edildi. Esasan hem, daşary ýurtly alyjylaryň arasynda Daşoguz şäherinde ýerleşýän “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetiniň "TERi" markasy bilen konserwirlenen pomidor pastasyna uly isleg bildirilýär.


“Türkmenawtoulaglary” agentligi Arkadag şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik ulaglaryň – elektrobuslaryň gatnaw ugurlaryny mälim etdi. “Yutong” kysymly bu elektrobuslar Türkmenistanda jemgyýetçilik ulagy hökmünde ilkinji gezek ulanylýar.