Habarlar

Arkadag şäheri—geljegiň şäheriArkadag şäheri—geljegiň şäheri

Arkadag şäheri—geljegiň şäheri

Täze Arkadag şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modellerinde işleýän binýatlaýyn beketleriň 20 toplumy ornaşdyrylyp, ulanmaga berildi, 20 müň edara we hususy müşderä niýetlenen GPON ulgamy we goşmaça giňeltmäge mümkinçiligi bolan 235 teleýaýlymy bolan IP telewideniýe ulgamy gurnaldy. Daşarky optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy üç ugur boýunça çekildi. Onuň iki ugry Arkadag şäherini Aşgabat bilen bir ugry bolsa, Gökdepe etraby bilen baglanyşdyrýar.

ÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýasyny Parižde däl-de, Özbegistanda geçirmek teklip edildiÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýasyny Parižde däl-de, Özbegistanda geçirmek teklip edildi

ÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýasyny Parižde däl-de, Özbegistanda geçirmek teklip edildi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewanyň Telegram kanalynda mälim etmegine görä bu sergi ýewropa jemgyýetçilignde uly gyzyklanma döredýär we Özbegistan barada köp zatlary bilmäge şert döredýär. Özbegistan Samarkant şäherinde 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň ählumumy 43-nji sessiýasyny kabul etmäge taýýar. Eger-de, bu teklip makullansa, sessiýany 40 ýyllap yzygiderli Pariž şäherinde geçirmek däbini üýtgeder we taryhy waka bolar.