Türkmenistan Körpeje-Gurtguýy ugry boýunça Eýrandaky tebigy gaz üpjünçiligini artdyrmaga taýýardyr


Türkmenistan, Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisi arkaly Eýrana tebigy gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmaga taýýardyr. Bu barada, Hökümetara türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň egindeş başlyklarynyň - wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň arasynda bolan duşuşygyň dowamynda mälim edildi.
Şenbe güni, 18-nji noýabrda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda ministrler Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ýangyç-energetika pudagynda, şeýle hem ulag, logistika we tranzit pudaklarynda özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.
Eýrana türkmen gazynyň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine hökümetara türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň 17-nji mejlisiniň ikinji gününde, şenbe güni seredildi. Eýran tarapy, türkmen hyzmatdaşlarynyň Körpeje-Gurtguýy turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiligini artdyrmaga taýýardygyny gutlady.
Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisiniň açylyşy 1997-nji ýylyň dekabrynda bolup geçipdi. Körpeje türkmen gaz ýatagyndan Eýranyň Gurtguýy şäherine çenli aralyk 197 kilometr bolup, onuň 132 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýär.
ORIENT news








