HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Balam” konditer kärhanasy Moskwada geçen ýöriteleşdirilen sergide ýokary baha mynasyp boldy

Fewral 14, 2024 | 10:20 |1217
Türkmenistanda “Balam” konditer kärhanasy 5-9-njy fewralda Moskwada geçen azyk önümleriň, içgileriň we olaryň onümçiligi üçin çig mallaryň “Prodekspo-2024” XXXI halkara segisine gatnaşdy.Türkmenistanda “Balam” konditer kärhanasy 5-9-njy fewralda Moskwada geçen azyk önümleriň, içgileriň we olaryň onümçiligi üçin çig mallaryň “Prodekspo-2024” XXXI halkara segisine gatnaşdy.
Çeşme: “Balam” konditer kärhanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanda “Balam” konditer kärhanasy 5-9-njy fewralda Moskwada geçen azyk önümleriň, içgileriň we olaryň onümçiligi üçin çig mallaryň “Prodekspo-2024” XXXI halkara segisine gatnaşdy.

Serginiň çäklerinde geçirilen “2024-nji ýylyň iň gowy önümi” bäsleşikde “Balam” kompaniýasynyň 5 önümi altyn medala mynasyp boldy.

Hususanda, eminler topary türkmen kärhanasynyň “Zaman” künjüli kökesiniň iki görnüşine, şokolad kremli kruasanyna, wanil tagamly “ýürek” gatlakly kökesine, şeýle hem wanil huruşly “Balam” gatlakly kökesine ýokary baha berdi.

2016-njy ýylda Aşgabatda esaslandyrylan “Balam” kompaniýasy Türkmenistanyň öňdebaryjy konditer kärhanalarynyň hataryna girýär. Ol bir günde 100 kg çörek we konditer önümlerini öndürýän kiçiräk önümhanadan aýda 2,5 müň tonna önüm öndürmäge ukyply iri kärhana çenli ýol geçdi.

Häzirki wagtda kärhana 100-den gowrak önüm öndürýär we bu sanawyň üsti täze önümler bilen yzygiderli ýetirilýär.

Önümler dünýä belli RONDO şweýsar kompaniýasynyň ýokary hilli enjamlarynda öndürilýär we ähli howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýär.

2016-njy ýylda kompaniýa barlaghana synaglaryny üstünlikli geçdi we bildirilýän talaplara laýyklyk güwanamasyny aldy.

“Biz önümleriň ýokary hilli bolmagyna uly üns berýäris we önümçilik tapgyrlarynyň her birini gözegçilikde saklaýarys” diýip “Balamyň” hünärmenleri aýdýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026