HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Pandanyň kiçijik skeletleri": Ýaponiýanyň kenarlaryndaky ummanda geň jandar ýaşaýar

Fewral 24, 2024 | 20:57 |9629
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýaponiýa degişli Kuma atly tropiki adanyň töwereginde Ýuwaş ummanynyň suwuna çümüjiler bu çäkde täsin deňiz jandarynyň ýaşaýandygyna üns berdiler.Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýaponiýa degişli Kuma atly tropiki adanyň töwereginde Ýuwaş ummanynyň suwuna çümüjiler bu çäkde täsin deňiz jandarynyň ýaşaýandygyna üns berdiler.
Çeşme: Diving Shop Plus Alpha via Reuters / YouTube

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýaponiýa degişli Kuma atly tropiki adanyň töwereginde Ýuwaş ummanynyň suwuna çümüjiler bu çäkde täsin deňiz jandarynyň ýaşaýandygyna üns berdiler. Ol özüniň daşky görnüşi we reňki babatda kiçijik panda haýwanyny ýatladýar. Bu kiçijik deňiz pandalarynyň ilkinji suratlary internetde ýaýrap başlanda, biolog alymlar bu täsin deňiz jandaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirip başladylar. Netijede olaryň ylmy işi "Species diversity" neşirinde çap edildi.

“Dünýäniň çar künjeginde” diýlip atlandyrylylan makalada bu jandaryň assidler maşgalasynyň şu güne çenli ýazylmadyk görnüşi bolup çykdy. Deňiz oňurgasyz haýwanlarynyň bu görnüşi oturymly durmuş ýörelgesini alyp baryp suwasty gaýalarda we deňiz çuňlugyndaky gerişlerde ösüp ulalýar. Assidler deňiz suwuny arassalaýar we ondaky organiki bölejikler bilen iýmitlenýär.

2()3.jpg

Alymlar täze görnüşe "Clavelina ossipandae" diýen ady dakdylar. Göwrümi bary-ýogy iki santimetre barabar jandar assidleriň "Clavelina" maşgalasyna degişlidir (bu söz bulgur manyny berip, daşky görnüşi şoňa meňezýär).

"Ossipandae" sözi hem iki sözden ybarat bolup, "ossi" sözi "süňk" diýen manyny berýär. Assidleriň bu görnüşiniň bedenindäki ak zolaklar olary kiçijik panda çalymdaş edýär. Jandaryň bedenindäki ak zolaklarda gan damarlary, gara zolagynda hem gözleri we burny ýerleşýär.

Geljekde alymlar "Clavelina ossipandae" assidiniň ägirt uly umman ekoulgamynda eýeleýän ornuny öwrenmegi meýilleşdirýärler. Geçiriljek ylmy barlaglar jandaryň nädip şeýle keşbe eýe bolandygyny anyklamaga şert döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026