Habarlar

Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak boýunça Ženewadaky çäre baradaMagtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak boýunça Ženewadaky çäre barada

Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak boýunça Ženewadaky çäre barada

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ženewadaky Milletleriň köşgüniň binasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin maglumat berýän QR kod ýerleşdirilen ýörite banner oturdyldy.

USAID BMG-niň UNODC bilen hyzmatdaşlykda türkmen žurnalistleri üçin seminar geçirdiUSAID BMG-niň UNODC bilen hyzmatdaşlykda türkmen žurnalistleri üçin seminar geçirdi

USAID BMG-niň UNODC bilen hyzmatdaşlykda türkmen žurnalistleri üçin seminar geçirdi

27-28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistleriň ählumumy wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça etiki hasabatlylygy boýunça okuw seminary geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi (UNODC) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy tarapyndan gurnaldy.

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldyIgor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Lýuksemburgyň öňdebaryjy maliýe gazetinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýylda ileri tutýan ugurlary” atly makala çap edildiLýuksemburgyň öňdebaryjy maliýe gazetinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýylda ileri tutýan ugurlary” atly makala çap edildi

Lýuksemburgyň öňdebaryjy maliýe gazetinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýylda ileri tutýan ugurlary” atly makala çap edildi

Lýuksemburgdaky öňdebaryjy maliýe gazeti bolan, “Agefi Luxembourg” sişenbe güni, 27-nji fewralda "Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky ileri tutýan ugurlary" atly makalany çap etdi. Neşir 12-nji fewralda Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasynda geçirilen brifingde diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň Ýewropanyň habar beriş serişdelerine we şeljeriş merkezleriniň wekillerine Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatynyň ileri tutulýan we ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada beren maglumatlaryna salgylandy.