

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy
Anna güni, 19-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy.


Anna güni, 19-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy.
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «eKassa» mobil programmasyny täzeledi. Oňa birnäçe uly bolmadyk üýtgeşmeler girizildi.


«Russiýa—Yslam dünýäsi: “KazanForum”» forumy meýletinçilik maksatnamasyna gatnaşmak isleýän 1837 dalaşgäri jemlemegi başardy. Forumyň dowamynda olar wekiliýetleri garşy alarlar, maglumat nokatlarynda hyzmat ederler we çäräni guramaga ýardam bererler.


19-njy aprelde, anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.


TElF 2024: Pariž forumynyň öňüsyrasynda “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň sebit direktory Drýu Pauell beren interwýusynda Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.


18-nji aprelde Minskde Edebiýatçylar öýüniň uly binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady.


22-nji aprelde Daşkent şäherinde açyljak «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisine 10 müňden gowrak adam we 400 kompaniýanyň wekili gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.


2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.


Penşenbe güni, 18-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça OIOIUS-2024 ikinji Halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.


Şu ýylyň 17-20-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tbiliside iş saparynda bolýar.


18-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


17-nji aprelde çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.


Süýji kökeleriň we krekerleriň supermarket tekjelerine nädip gelýändigi barada pikir edip gördüňizmi? Kökeleriň dünýäde nädip syýahat edýändigi barada pikir edip gördüňizmi? Bu gün biz kökeleri, krekerleri we suhariklary öndüriji KINDI zawodynyň wekili Mähriban Tagiýewa bilen söhbetdeşligimizi geçirýäris.


Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şehbaz Şarif Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasan hem söwda, energetika we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda premýer-ministr çarşenbe güni Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçirilen duşuşykda öz pikirini beýan etdi.