

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 18 geleşik hasaba alyndy
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 18 geleşik hasaba alyndy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 18 geleşik hasaba alyndy.


Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň şu hepde ýagny 10-13-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar.


GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 7-nji oktýabrda Moskwada geçirilen mejlisinde “Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan edilmegine bagyşlanan 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.


7-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlady, ol ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutany Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşar.


Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) 29-njy Halkara maslahatynyň we sergsiniň taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hem-de “Türkmengeologiýa” Döwlet konserni tarapayndan guraljak çäre halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi.


Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli gutlap, rus kärdeşiniň adyna gutlag ýollady.


Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň “Uzynada” käninde täze buraw guýylaryň gurluşygy tamamlanyp, olar işe girizildi.


Saud Arabystanynyň haj we umra işleri boýunça ministri doktor Taufik bin Fauzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky zyýaratçylara hyzmat etýän wekiliýet Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrdy.


Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Döwlet Baştutanynyň sapary kömekçisi Ýuriý Uşakow tarapyndan geçirilen brifingde yglan edildi.


Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada ministr 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli çärede aýtdy.


Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet, ylym we bilim bölümi Russiýa Federasiýasynyň türkmen dalaşgärlerine 2025-2026-njy okuw ýyllary üçin 500 okuw kwotasyny aýyryp berendigini habar edýär.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 7-nji oktýabrda, duşenbe güni Moskwada geçiriler.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi nobatdaky mejlisi 8-nji oktýabrda Moskwada geçiriler. Döwlet Baştutanlary GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşarlar we 2025-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek baradaky karary kabul ederler.


6-njy oktýabrda, Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hatyralanylýar.


9-12-nji oktýabrda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar. Şeýlelik bilen, şol günler Aşagabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Türkmenabatda – glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň we Mary welaýatynda – welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynyň açylyş dabaralary bolar.