HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary 10-13-nji oktýabr aralygynda bolar

Oktýabr 08, 2024 | 03:05 |11199
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň şu hepde ýagny 10-13-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar.Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň şu hepde ýagny 10-13-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar.
Çeşme: montsame.mn

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň şu hepde ýagny 10-13-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar.

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen resmi gepleşikler geçirer we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňelmegi we ösdürilmegi barada pikir alyşmak üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar, şeýle hem sebit we halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklar boýunça meseleleriniň giň toplumyna serediler. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň resmi web sapynasynda habar berilýär.

Döwlet sapary 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri iň ýokary derejedäki ilkinji sapar diýip, Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Saparyň çäginde Uhnaagiýn Hurelsuh beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026
«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

19:51 Awgust 10, 2026