

Ilkinji gezek “Space X”-yň Starlink hemra interneti Boeing 777 uçarynda işläp başlady
“Qatar Airways” Kataryň milli howa kompaniýasy hem-de “Space X” amerikan kompaniýasy uçar ýolagçylary üçin Starlink hemra internetini işe girizdiler.


“Qatar Airways” Kataryň milli howa kompaniýasy hem-de “Space X” amerikan kompaniýasy uçar ýolagçylary üçin Starlink hemra internetini işe girizdiler.


2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Bişkekdäki Türkmenistanyň ilçihanasy “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahatyny we Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahmet Gurbangeldiýewiç Gurbanow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


1-nji noýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýatdan çykmajak konserti geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan artisti dirižýor Resul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygynda dünýä belli filmleriň meşhur sazlary ýerine ýetiriler.


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XVI BRIKS Sammitine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Bu barada TDH habar berýär.


Dünýäde uly göwrümli energiýa özgertmelerine zerurlyk duýulýan döwründe, Türkmenistan şu özgertmede möhüm orny eýeleýär. Bu barada “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “OGT-2024” halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.


Türk howa ýollary Airbus bilen 30 milliard dollarlyk bolan taryhynda iň iri şertnamasyna gol çekdi. Şertnama laýyklykda, Turkish Airlines 220 sany uçarlary satyn alar: 150 sany Airbus A321neo we 70 Airbus A350 şeýle hem dürli modelleri satyn alar.


Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny ösdürmek üçin esasy ugurlary we möhüm taslamalary barada wise-premýer Batyr Amanow “OGT-2024” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýratyn nygtaty.


“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2024) halkara maslahatynyň umumy mejlisinde “Türkmenistanda ýaşyl energiýa geçiş: Pariž ylalaşygynyň 10 ýyllygyna taýýarlyk” atly söhbetdeşlik geçirildi. Dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko alyp bardy we ählumumy energiýa çagyryşlarynyň ýurt üçin mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň ähmiýeti nygtaty.


Çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär.


Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi diýip, BELTA habar berýär.


Geçen aý Dipuo Mazibuko Hytaýa ilkinji daşary ýurt syýahatyna ugrady, ol ýerde hut özi ýurduň emeli aň boýunça gazananlaryna baha berip, Hytaý we BRIKS-yň beýleki ýurtlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygyň wajyplygyna has gowy düşünip bildi.


Russiýada hemralaryň Ýer bilen X-diapazonda ýokary tizlikli aragatnaşygy üçin enjam işläp taýýarlanyldy. Bu barada “Sitronics Group” Russiýanyň öňdebaryjy IT-kompaniýasynyň habarlar gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.
22-nji oktýabrda Aşgabatda ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly açylyp, onuň maksady Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respbulikasynyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmeginden ybarat.


22-nji oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” DK-niň önümleri satyn alyndy.