HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” film-essesiniň premýerasy Moskwada geçiriler

Noýabr 23, 2024 | 00:35 |8475
Şu ýyl, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, Gündogaryň akyyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň geçirilmegi dowam etýärŞu ýyl, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, Gündogaryň akyyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň geçirilmegi dowam etýär
Çeşme: orient.tm

Şu ýyl, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, Gündogaryň akyyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň geçirilmegi dowam etýär. Bu maksatnamanyň çäginde Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we GDA agza döwletleriniň dilleri we medeniýeti üçin esasy gurama bolan Moskwanyň Döwlet dil uniwersitetiniň goldawy bilen “Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” atly dokumental bilim film-essesiniň premýerasyna taýýralyk görýär.

“Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” film-essesiniň premýerasy 5-nji dekabrda Moskwanyň Döwlet dil uniwersitetiniň mejlisler zalynda (başlaýan wagty 12:30-da) bolar diýip, ilçihanada habar berildi.

Anastasiýa Pawlowanyň adybir şahyrana pýesesine esaslanyp döredilen “Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” atly film-essesi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iri rus taslamalarynyň biri boldy.

Anastasiýa Pawlowa – halkara jemgyýetçilik işgäri, “GDA + Dünýä: Medeniýet. Bilim. Syýahatçylyk” atly garaşsyz integrasiýa maksatnamasynyň awtory we ýolbaşçysy, “Dünýäniň uçursyz zehinleri” atly taslamasynyň awtory “Adamyň wagty” atly durmuş-medeni başlangyçlarynyň egindeş başlygy. Filmiň režissýory –“Adamyň wagty” DMB-nyň egindeş başlygy, “Dünýäniň uçursyz zehinleri” atly taslamanyň baş utgaşdyryjysy Nadežde Geraşçenko.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026