Habarlar

Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýärTürkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamatynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler babatda halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy

Türkmenistan Gazagystanda geçirilen ekologiýa we durnukly ösüş meseleleri boýunça okuw maksatly çärelere gatnaşdyTürkmenistan Gazagystanda geçirilen ekologiýa we durnukly ösüş meseleleri boýunça okuw maksatly çärelere gatnaşdy

Türkmenistan Gazagystanda geçirilen ekologiýa we durnukly ösüş meseleleri boýunça okuw maksatly çärelere gatnaşdy

27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) tarapyndan guralan möhüm okuw çäreleri geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde Mugallymlaryň 3-nji halkara maslahaty, Mekdep okuwçylarynyň 2-nji Halkara festiwaly we howa meseleleri bilen baglanyşykly 1-nji mekdebi guraldy.

Halkara Ýaşlar ylmy maslahaty: Parahatçylyk we raýdaşlyk köprüsiHalkara Ýaşlar ylmy maslahaty: Parahatçylyk we raýdaşlyk köprüsi

Halkara Ýaşlar ylmy maslahaty: Parahatçylyk we raýdaşlyk köprüsi

31-nji oktýabrynda we 1-nji noýabrynda Minsk döwlet lingwistika uniwersitetinde «Diller we raýdaşlyk okuw arkaly parahatçylyk we toleransiýa» atly halkara ýaşlar ylmy maslahaty geçirildi. Bu çärede dürli ýurtlardan ýaş alymlar, okuwçylar we hünärmenler dünýä dilleriniň we bilimiň parahatçylygy we düşünişmegi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.