Çyzykly we QR-belgileriň täze tehnologiýalaryna geçiş: işewürligiň we saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde indiki ädim


Ýarym asyrdan gowrak mundan ozal girizilen çyzykly belgiler ählumumy ykdysadyýet üçin esas bolup, harytlaryň netijeli gözegçiligini we ätiýaçlyk gorlaryň dolandyrylmagyny üpjün etdiler. Dünýäde her gün onlarça milliard çyzykly belgiler skanirlenýär, bu hem häzirki zaman işewürliginde olaryň derwaýyslygyny açyp görkezýär.
Emma sarp ediş islegleriň ösmegi hem-de harytlar barada has jikme-jik maglumatlaryň hödürlenilmeginiň zerurlygy bilen bu babatda täze özgerişiň zerurlygy ýüze çykýar.
GS1 çyzykly beglileri standartlaşdyrmak barada ählumumy agentlik täze nesliň QR-belgilerine geçmegi barada habar berdi. Bu içinde gizlenilen çyzykly belgisi bolan QR-belgisidir.
Olar özünde has köp maglumatlary jemläp, sarp edijilere haryt baradaky maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Bölekleýin satyjylar ätiýaçlyk gorlaryna we ýaramlylyk möhletine gözegçilik etmek üçin QR-belgisini skanirläp bilerler, alyjylar bolsa içindäki düzümi, üpjünçilik zynjyrlary, ulanylmagy we gaýtadan işlenilmegi barada giňişleýin maglumatlary alyp bilerler.
“Bir skanirleme, tükeniksiz mümkinçilikler” – diýip, GS1 agentliginiň prezidenti we baş direktory Reno de Barbua habar berdi.
Bu üýtgetmeler diňe bir ätiýaçlyk gorlaryny dolandyrmak işini gowulandyrmaga däl, eýsem ekologiýa oňaýly täsirini ýetirip bilerler. Sebäbi öndürijiler gaplamalary täzeden möhürlemezden, maglumatlary täzeläp bilerler.
Carrefour, Lidl, Procter and Gamble, L’Oreal, PepsiCo we Nestlé ýaly kompaniýalar QR-belgilerine geçmek işini goldamak üçin bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
Reno de Barbuanyň aýtmagyna gorä, GS1esasynda QR-belgilerini ornaşdyran kiçiräk bölekleýin ulgamy hökmünde dünýäde ilkinji bolup üç şahamçasy bolan Braziliýadaky tagamly nygmatlaryň dükany boldy. Iki aýyň dowamynda GS1 we çözgütleri üpjün edijileriň goldawy bilen olar tehnologiýany ornaşdyrdylar, ätiýaçlyk gorlaryň dolandyrylmagyny gowulandyrmak işi bolsa olar üçin bähbitli tarapy boldy – olar 50 % çenli galyndylary azaltdylar.
GS1 matrisasyna esaslanýan tehnologiýalar eýýäm saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýar. Bu hem ýarawsyzlaryň howpsuzlygyny gowulandyrmaga we hassahanalarda logistikanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, çyzykly we QR-belgileriň täze tehnologiýalaryna geçiş işewürlikde we saglygy goraýyş ulgamynda indiki ädim bolup, ähli gatnaşyjylar üçin täze ýollary açar.
ORIENT news








