HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ýanwar 22, 2025 | 21:14 |7007
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.
Çeşme: akorda.kz

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

Soňky wagtda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň has-da işjeňleşendigi kanagatlanma bilen bellenildi, munuň özi ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki ugurlarda, şol sanda suw bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn binýat bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow suw meselesine ünsi çekip, 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda “Bitewi suw” atly sammitiniň çäginde bolan duşuşygy ýada saldy. Bu çäräniň öz wagtynda geçirilmegi möhüm waka boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol Sammitdäki çykyşynda Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna garalanda üç ugra: halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegine; sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalaryny, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasyny bu meselä gatnaşdyrmak ýörelgelerine eýerilmelidigini nygtandygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Gazagystanyň ozalkysy ýaly, geljekde hem bu meselede berk we ylalaşylan çemeleşmä eýerjekdiklerine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ekologiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny Türkmenistanyň doly goldamagyny dowam etjekdigini belledi.

Gahryman Arkadag söhbetdeşligiň barşynda 14-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon söhbetdeşligini geçirendigini habar berdi.

– Bu örän netijeli we manyly söhbetdeşlik boldy. Onda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen yglan edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berdik – diýip, Halk Maslahatyň Başlygy aýtdy.

Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar. Şu maksat bilen iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdiler.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026