

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim edaralary şäher taslamasynda ýer bölekleriň ulanylyşy barada maslahatlaşdylar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Kent döwlet uniwersiteti (ABŞ) “Dykyzlygy hasaba almak bilen taslamalaşdyrmak: goşmaça ýaşaýyş jaýlar barada gürrüň” atly mowzuk bilen onlaýn-maslahatyny geçirdiler. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.



















