HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 24, 2025 | 15:23 |3497
2025-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Lena Nanuşýan bilen duşuşdy.2025-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Lena Nanuşýan bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Lena Nanuşýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda lukmançylyk syýahatçylygy ulgamynda, derman senagaty önümlerini öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen diplomaty Saglygy goraýyş ministriniň orunbasaryna Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Ol adamyň saglygynyň Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Taraplar şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýerewan şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň üstünde durup geçdiler we onuň dowamynda şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny bellediler.

Şeýle hem ilçi ministrligiň wekillerini her ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026