HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Mart 24, 2025 | 19:00 |4126
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýarD.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar
Çeşme: education.gov.tm

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek hem-de kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak we daşary ýurt dillerine zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň mart aýynyň 31-ne çenli datmddi.edu.tm resmi internet sahypasynda hasaba alynmalydyrlar.

Olimpiadany guramaçylykly geçirmek maksady bilen aprel aýynyň 1-2-ne Olimpiadanyň saýlama tapgyry geçirilýär.

Olimpiadanyň açylyş dabarasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-una institutyň uly mejlisler zalynda geçiriler. Oňa türkmenistanly gatnaşyjy talyplar gelip, daşary ýurtly gatnaşyjylar onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Aprel aýynyň 10-11-ne Olimpiada Düzgünnamada bellenen tertipde geçiriler.

Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin: interolymdatmddi@gmail.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pixel 11 modelinde Camera Looks atly täze aýratynlyk peýda boldy: "smartfon" işlemesiz tebigy surat

Pixel 11 modelinde Camera Looks atly täze aýratynlyk peýda boldy: "smartfon" işlemesiz tebigy surat

18:37 Awgust 18, 2026
Daşkentde yslam siwilizasiýasy barada halkara media forumy geçiriler

Daşkentde yslam siwilizasiýasy barada halkara media forumy geçiriler

18:31 Awgust 18, 2026
Dokma, energetika we jut — Türkmenistan bilen Bangladeş hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar

Dokma, energetika we jut — Türkmenistan bilen Bangladeş hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar

23:27 Awgust 17, 2026