

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary awtor bilen tomaşaçynyň arasyndaky adaty araçäkleri aradan aýyrjak özboluşly hem-de ähmiýetli medeni çäräniň bir bölegi bolmaga çagyrylýar. 20-nji iýunda sagat 18:00-da «Art-bazar» galereýasy häzirki zaman sungatyna, batyrgaý söz synaglaryna we döredijilikli özüni beýan etmegiň täze görnüşlerine gyzyklanýanlaryň ählisine gapylaryny açar















