HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nokia AI funksiýalary we iki kamerasy bolan 4G düwmeli telefonyny taýýarlaýar

Awgust 02, 2026 | 21:36 |645
Internetde çykmaga taýýarlanýandygy çaklanylýan täze Nokia 250 4G düwmeli telefony barada maglumatlar peýda boldy. Täze önüm Nokia enjamlarynyň adaty görnüşini saklar, ýöne şol bir wagtyň özünde emeli aň mümkinçiliklerini goşmak bilen, birnäçe döwrebap funksiýalary alarInternetde çykmaga taýýarlanýandygy çaklanylýan täze Nokia 250 4G düwmeli telefony barada maglumatlar peýda boldy. Täze önüm Nokia enjamlarynyň adaty görnüşini saklar, ýöne şol bir wagtyň özünde emeli aň mümkinçiliklerini goşmak bilen, birnäçe döwrebap funksiýalary alar
Çeşme: Gazeta.ru

Internetde çykmaga taýýarlanýandygy çaklanylýan täze Nokia 250 4G düwmeli telefony barada maglumatlar peýda boldy. Täze önüm Nokia enjamlarynyň adaty görnüşini saklar, ýöne şol bir wagtyň özünde emeli aň mümkinçiliklerini goşmak bilen, birnäçe döwrebap funksiýalary alar.

Çyraly kameralar we uzak wagtlap zarýad saklamak

Deslapky maglumatlara görä, telefon 2,8 dýuýmlyk displeý, Unisoc T137 prosessory, 256 MB operatiw ýat we 2 GB içerki ýat bilen üpjün ediler.

Enjamyň awtonom işine 1950 mA·sag kuwwatlylygy bolan batareýa jogapkär bolar. Modeliň aýratynlyklarynyň biri iki sany kamerasy bolar: 2 MP esasy kamera we 0,3 MP öň kamera. Iki kameranyň hem ýagtylyk beriji (swetodiod) çyrasynyň boljakdygy habar berilýär.

Düwmeli telefonda AI funksiýalary

Nokia 250 4G enjamynyň RTOS operasion ulgamy bilen işlemegi we emeli aň funksiýalaryna girmek üçin aýratyn düwmä eýe bolmagyna garaşylýar.

Deslapky maglumatlara görä, enjam sesli terjime, jaň edýän spam bellikleri akylly filtrasiýadan geçirmek, Alipay töleg ulgamyny goldamak, modem tertibi we gurulan QR-belgi skaneri ýaly funksiýalary alyp biler.

Şeýle hem telefona Bluetooth 5.0, USB Type-C birikdirijisi we simli gulaklyk üçin klassiki 3,5 mm audio birikdiriji goldawy berilýär.

Düwmeli telefonlaryň täze görnüşi

Nokia 250 4G ulanylyş ýönekeýligini, uzak wagtlap zarýad saklamagyny we öňler esasan smartfonlarda elýeterli bolan aýratyn funksiýalary öz içine alýan düwmeli enjamlara täze çemeleşmäniň nusgasy bolup biler.

AI gurallarynyň goşulmagy öndürijileriň nusgawy telefonlaryň esasy artykmaçlygy bolan amatlylygy we ygtybarlylygy saklap, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge çalyşýandygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026