Habarlar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýarGazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça taslamanyň üstünde işler alnyp barylýar. Ol çagalary Internetdaky islenilmeýän maglumatdan goramaga gönükdirilendir. Magaryf boýunça wise-ministr Ýedil Ospan SIM-kartalaryň belli saýtlara we sosial ulgamlara bolan elýeterliligi çäklendirmäne mümkinçilik berjekdigini hem belledi. Ata-eneler bolsa, çagalarynyň ykjam enjamlaryny ulanyşyna gözegçilik edip bilerler.

TEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýärTEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýär

TEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýär

Dünýäniň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça TEKNOFEST iri festiwaly nobatdaky gezek gerimini giňeldip, 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny hödürleýär! Bäsleşikler ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 45 mln türk lirasy bolup, maddy kömek baýragy bolsa 75 mln-dan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Haýyşnamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.

Saud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýarSaud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýar

Saud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýar

Saud Arabystany howa menzillerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Er-Riýad, Jidda, Dammam we Medine şäherleriniň howa menzillerinde 152 sany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalaryň girizilmegi bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Ygtybarly elektron derwezeler ýolagçylaryň garaşmagyny ep-esli derejede azaldýar.

Sindaoda ŞHG-niň agza-döwletleriniň Medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldySindaoda ŞHG-niň agza-döwletleriniň Medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldy

Sindaoda ŞHG-niň agza-döwletleriniň Medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldy

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Hytaýyň Sindao şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza-döwletleriniň medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldy. Şandun welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky müdirligi we Sindao şäheriniň Halk hökümeti tarapyndan guralan bu çäre Sindao şäheriniň ŞHG-niň 2024-2025-nji ýyllar üçin syýahatçylyk we medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýär.