Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Iýun 29, 2025 | 22:00 |5694
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki sany iri türk kompaniýasynyň – “Rönesans Holding” we “Çalyk Holding”-iň  ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki sany iri türk kompaniýasynyň – “Rönesans Holding” we “Çalyk Holding”-iň  ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
Çeşme: orient.tm

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki sany iri türk kompaniýasynyň – “Rönesans Holding” we “Çalyk Holding”-iň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Işewürleriň ikisi hem Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutladylar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda iki halkyň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän taryhy we medeni gatnaşyklaryň netijesinde özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Erman Ylyjak “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanyň uly göwrümli şähergurluşyk maksatnamasyna gatnaşandygyny buýanç bilen beýän etdi. Ahmet Çalyk öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny, şol sanda senagat we durmuş ugurly infrastrukturany durmuşa geçirmekdäki öňegidişligi belläp geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda iki kompaniýanyň ýolbaşçylary geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026