

Pekin Merkezi Aziýa sebitine ilkinji demir ýol ýük daşamalaryň ugruny işe girizdi
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Pekin Merkezi Aziýa sebitine ilkinji demir ýol ýük daşamalaryň ugruny işe girizdi.


2025-nji ýylyň 19-njy martynda Pekin Merkezi Aziýa sebitine ilkinji demir ýol ýük daşamalaryň ugruny işe girizdi.


2030-njy ýylda musulmanlar Remezan aýyny iki gezek bellärler. Bu bolsa gün (grigorian) we aý (yslam) senenamalarynyň arasyndaky tapawudy bilen baglanyşyklydyr.


19-njy martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


Iki ýyl mundan ozal Hytaý Ählumumy siwilizasiýalar başlangyjyny teklip etdi.


“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýandygyny aýratyn nygtady


Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat uly üstünlik bilen geçirildi


19-njy martda halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyk geçirdi, bu iki doganlyk ýurduň arasyndaky köptaraply ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylýandygynyň subutnamasy boldy


Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi


2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.


Aziýanyň ösüş banky Arkadag şäherinde suw üpjünçilik we suw aýyryjy ulgamlary barlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak üçin halkara we milli maslahatçy wezipesine dalaşgärleri gözleýär.


Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty 2025-nji ýylyň 13-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu çäre Bütindünýä bankynyň “Täjigistanyň durnukly landşaftyny dikeltmek” taslamasynyň (RESILAND Tajikistan), Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika maksatnamasynyň (CAWEP), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada howanyň töwekgelçiliklerini dolandyrmak” sebit maksatnamasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guralýar.


Hytaý döwlet hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin DeepSeek modelini ulanmak arkaly şäher dolandyryşyna emeli añ tehnologiýalaryny ornaşdyrýar. Girizilýän bu täzeçilik dolandyryşyñ netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de raýatlaryñ ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen has giñ sanly transformasiýa strategiýasynyñ bir bölegi boldy.


Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy BSGG-niñ maslahatlaryna we milli protokola laýyklykda ýokanç B gepatini anyklamak we bejermek boýunça okuwlary geçirdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.


Täjigistanda ýurduñ Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiñ çäklerinde Arkalaşygyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanyp başlandy.