HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Uhan şäherinde sanly bilim boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

Maý 17, 2025 | 20:09 |5516
2025-nji ýylyň 14–16-njy maýy aralygynda Uhan şäherinde «Bilimiň ösüşi we özgerişi: intellekt döwri» şygary astynda geçirilen Bütindünýä sanly bilim maslahaty bilimiň sanlylaşdyrylmagy baradaky häzirki zaman ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin halkara derejesindäki möhüm meýdançalaryň birine öwrüldi2025-nji ýylyň 14–16-njy maýy aralygynda Uhan şäherinde «Bilimiň ösüşi we özgerişi: intellekt döwri» şygary astynda geçirilen Bütindünýä sanly bilim maslahaty bilimiň sanlylaşdyrylmagy baradaky häzirki zaman ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin halkara derejesindäki möhüm meýdançalaryň birine öwrüldi
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 14–16-njy maýy aralygynda Uhan şäherinde «Bilimiň ösüşi we özgerişi: intellekt döwri» şygary astynda geçirilen Bütindünýä sanly bilim maslahaty bilimiň sanlylaşdyrylmagy baradaky häzirki zaman ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin halkara derejesindäki möhüm meýdançalaryň birine öwrüldi. Foruma 100-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy, şol sanda Türkmenistanyň resmi wekiliýeti hem gatnaşyp, onuň düzümine bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanow ýolbaşçylyk etdi. Maslahat tejribe alyşmak, bilim ulgamlarynyň sanly özgertmesine degişli standartlary we usullary taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmak, şeýle hem ýörite sergide öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin özboluşly mümkinçilik döretdi.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň wekili ýurduň 2017–2025-nji ýyllar üçin Sanly bilimi ösdürmek boýunça Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde milli tejribe bilen tanyşdyrdy. Elektron platformalaryň, bilim ulgamlarynyň, elektron kitaplaryň, AR/VR tehnologiýalarynyň we bilim edaralarynyň elektron dolandyrylyşynyň giňden ornaşdyrylmagy baradaky maglumatlar beýan edildi. Şeýle hem bilim ulgamyndaky maglumatlary elektron görnüşde seljermek boýunça işlenip taýýarlanan we ornaşdyrylan ulgam aýratyn bellenildi. Bu ulgam pedagogik we dolandyryş ugurlarynda esasly çözgütleriň kabul edilmegine hem-de okuwçylaryň aýratyn isleglerine görä şahsylaşdyrylan okatmagyň ýola goýulmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň öňdebaryjy pedagogiki uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO institutynyň bilen bilelikdäki ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegi ýaly hytaý tejribesine aýratyn gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň tarapy sanly bilimi ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň çäginde hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Bu maslahata gatnaşmak Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryna ýol açmaga hem-de bilimiň sanly özgertmesi boýunça global gün tertibine goşant goşmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk esas bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026