HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “InterFood Azerbaijan-2025” sergisinde gatnaşdy

Maý 16, 2025 | 14:20 |3288
Türkmenistanyň azyk senagatynyň önümleri 2025-nji ýylyň 13-16-njy maýy aralygynda Bakuda geçirilen Hazar sebiti boýunça azyk, içgi önümleri we olaryň önümçiligi üçin çig mal boýunça 30-njy halkara sergisi “InterFood Azerbaijan-2025” atly sergide görkezildiTürkmenistanyň azyk senagatynyň önümleri 2025-nji ýylyň 13-16-njy maýy aralygynda Bakuda geçirilen Hazar sebiti boýunça azyk, içgi önümleri we olaryň önümçiligi üçin çig mal boýunça 30-njy halkara sergisi “InterFood Azerbaijan-2025” atly sergide görkezildi
Çeşme: exhibitionstand

Türkmenistanyň azyk senagatynyň önümleri 2025-nji ýylyň 13-16-njy maýy aralygynda Bakuda geçirilen Hazar sebiti boýunça azyk, içgi önümleri we olaryň önümçiligi üçin çig mal boýunça 30-njy halkara sergisi “InterFood Azerbaijan-2025” atly sergide görkezildi. Dünýäniň onlarça ýurdunyň azyk öndürijilerini birleşdirýän bu serginiň maksady — ýokary hilli harytlary bazara çykarmak we gatnaşyjylar bilen myhmanlaryň arasynda gönüden-göni aragatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Sergide konditer we et önümleri, gök önümler we miweler, süýt önümleri, et-süýt önümleri, miweli suwlary, çaý, temmäki, datly tagamlar we beýleki iýmit önümleri bilen bir hatarda miwe-gök önümleri gaýtadan işleýän enjamlary, bellik goýujy enjamlar we beýleki enjamlar giňden görkezildi. Sergide görkezilýän täze tehnologiýalar we innowasion çözgütler azyk senagatynyň ösüşi hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Sergi gatnaşyjylara sowallary bermäge, önümleri dadyp görmäge, pikir alyşmaga, özara gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ösüp barýan azyk senagatynda täze gözýetimleriñ şaýady bolmaga mümkinçilik berýän baý goşmaça çäreler maksatnamasy bilen hem tapawutlanýar. Şol çäreleriň çäklerinde B2B görnüşindäki duşuşyklar meýilleşdirilip, hyzmatdaşlygyň we paýlaýyş ulgamynyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin goşmaça platforma hökmünde hyzmat edýär.

“InterFood Azerbaijan” sergisiniň çäginde Azerbaýjan Aşhana ünärmenleriniň birleşigi tarapyndan guralýan däp bolan halkara aşhana çempionaty — “Altyn Şah 2025” hem geçirilýär. Bu çempionata kyrka golaý topar hem-de 300-den gowrak aşpez gatnaşýar. Çempionatyň emin agzalary 16 ýurtdan gelen Bütindünýä aşhana bileleşikleriniñ guramasynyň ygtyýarnamaly baş aşpez-eminlerinden ybaratdyr diýip, serginiň resmi sahypasynda habar berilýär. “Altyn Şah” çempionaty serginiň iň möhüm wakalarynyň biri hökmünde atlandyrylýar.

Serginiň guramaçysy hökmünde Caspian Event Organisers kompaniýasy hem-de onuň birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlary çykyş edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026