Habarlar

TBM ýokary okuw mekdepleriň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemlediTBM ýokary okuw mekdepleriň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemledi

TBM ýokary okuw mekdepleriň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemledi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw mekdepleriniň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemledi. Monitoring ýokary okuw mekdepleriniň işiniň esasy ugurlaryny, ýagny okuw, okuw-usulyýet, ylmy-barlag we terbiýeçilik işleriniň ýerine ýetirilişini, uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini, ylmy işjeňligi, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hilini, şeýle-de ylmy, bilim we pedagogik ölçeg görkezijilerine esaslanýan beýleki görkezijileri öz içine aldy

Türkmenistan bilen Eýran iki ýurduň arasyndaky ýük akymyny artdyrmak barada ylalaşýarlarTürkmenistan bilen Eýran iki ýurduň arasyndaky ýük akymyny artdyrmak barada ylalaşýarlar

Türkmenistan bilen Eýran iki ýurduň arasyndaky ýük akymyny artdyrmak barada ylalaşýarlar

Geçen hepde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada 23-nji maýda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatyna görä, duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi girizildi

AFC Grassroots Football Day 2025 festiwaly Türkmenistanyñ ýaş futbolçylaryny birleşdirdiAFC Grassroots Football Day 2025 festiwaly Türkmenistanyñ ýaş futbolçylaryny birleşdirdi

AFC Grassroots Football Day 2025 festiwaly Türkmenistanyñ ýaş futbolçylaryny birleşdirdi

Mary şäherindäki “Merw” stadionynda uly futbol baýramçylygy – AFC Grassroots Football Day 2025 geçirildi. Bu çäre 25-nji maýyň Bütindünýä Futbol güni hökmünde bellenmegi mynasybetli guraldy. Festiwal Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan “Merw” futbol kluby bilen hyzmatdaşlykda, futboly, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi