HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýul 16, 2025 | 23:16 |5000
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Bütindünýa (global) meseleler boýunça syýasy müdirliginiň direktory K.Siharulidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Bütindünýa (global) meseleler boýunça syýasy müdirliginiň direktory K.Siharulidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: georgia.tmembassy.gov.tm

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Bütindünýa (global) meseleler boýunça syýasy müdirliginiň direktory K.Siharulidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça giň toplumyny ara alyp maşlahatlaşdylar. Şeýle hem Daşary işler ministrligiň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmekligiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Bellenilişi ýaly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin häzirki wagtda bar bolan oňaýly şertler iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan ynamyň we dostlugyň ýokary derejesini emele getirýär.

Şu jähtden duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň syýasy erjellikleriniň netijesinde kämilleşýän döwletara dialogyň ýokary derejesini aýratyn nygtap geçdiler.

turkmenistan-gruziya-peregovory-tbilisi (1).jpg

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem garadylar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işlerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar emele gelen özara netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin ýola goýlan gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026