

Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri geljegi uly bolan hyzmatdaşlyga garadylar
5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar hem-de syýasy dialogy berkitmekde iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler



















