HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Delta Airlines bilet bahalaryny şahsylaşdyrmak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar

Iýul 26, 2025 | 18:20 |3683
Amerikan awiakompaniýasy Delta Air Lines her müşderi üçin aýratynlykda bilet bahasyny kesgitleýän täze nesil bahalary düzmek ulgamyny işe girizdiAmerikan awiakompaniýasy Delta Air Lines her müşderi üçin aýratynlykda bilet bahasyny kesgitleýän täze nesil bahalary düzmek ulgamyny işe girizdi
Çeşme: Unsplash

Amerikan awiakompaniýasy Delta Air Lines her müşderi üçin aýratynlykda bilet bahasyny kesgitleýän täze nesil bahalary düzmek ulgamyny işe girizdi diýip, Fortune žurnaly habar berýär. Bu ulgam müşderiniň hereketlerini seljerýär we belli bir uçuş üçin onuň tölemäge taýyn iň ýokary möçberini hasaplaýan emeli aň tehnologiýasyna esaslanýar.

Delta-nyň prezidenti Glen Hauenşteýn bu şahsylaşdyrylan bahalaryň paýyny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 20%-e ýetirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda emeli aň biletleriň 3%-iniň bahasyny düzýär, bu görkeziji soňky dokuz aýda üç esse artdy. Delta bu ugurda Ysraýylyň Fetcherr kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär, onuň algoritmleri gije-gündiz işläp, iň amatly bahalary hasaplaýar. Maksat – durnukly (fiksirlenen) bahalardan doly ýüz öwürmek.

Şeýle-de bolsa, käbir bilermenler bu usulyň adalatly bahalaryň ýitmegine getirip biljekdigini aýdýarlar. Indi bahanyň derejesi – algoritmiň belli bir müşderi üçin näçe tölegiň kabul ederlikli diýip hasaplaýandygyna bagly. Barlaglara görä, iň gowy teklipler köplenç ýokary girdejili müşderilere ýetýär, alternatiw ýagdaýy bolmadyk girdejisi pes bolan adamlara bolsa pes teklipler garaşýar. Sarp edijileriň hukuklaryny goraýjylar bu çemeleşmäni "ýabany bahalary düzmek" diýip häsiýetlendirýärler.

Delta bolsa kemsiltmä garşy "nol çydamlylyk" syýasatyny alyp barýandygyny we federal kanunçylyga laýyk hereket edýändigini belleýär, emma gorag gurallarynyň jikme-jikligini köpçülige ýetirmeýär. Belli bir toparlara baha taýdan kemsiltmäni subut etmek üçin jemgyýetçilik nyrh sanawynyň ýoklugy bu ýagdaýy gözegçilikde saklamagy kynlaşdyrýar.

Delta, emeli aňy giň möçberde çynlakaý ulanýandygyny aç-açan aýan eden ilkinji iri awiakompaniýa boldy. Şeýle-de bolsa, beýleki awiakompaniýalar hem emeli aňy dürli ugurlarda ulanyp görýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026