HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple iOS we iPadOS 26 üçin döredijiler kitaphanasyny (UI-kit) hödürledi

Iýul 26, 2025 | 17:30 |4000
Apple iOS we iPadOS 26 operasiýa ulgamlary üçin resmi ulanyjy interfeýs kitaphanasyny – UI-kit-i jemgyýetçilige hödürlediApple iOS we iPadOS 26 operasiýa ulgamlary üçin resmi ulanyjy interfeýs kitaphanasyny – UI-kit-i jemgyýetçilige hödürledi
Çeşme: habr.com

Apple iOS we iPadOS 26 operasiýa ulgamlary üçin resmi ulanyjy interfeýs kitaphanasyny – UI-kit-i jemgyýetçilige hödürledi. Bu täze mümkinçilikler programma üpjünçilik döredijilerine öz programmalaryny döretmekde täze gurallar toplumy bilen üpjün edýär. Interfeýs elementleriniň toplumlary häzirki wagtda Figma we Sketch ýaly meşhur dizaýn programmalaryny ulanýan dizaýnerler üçin elýeterlidir.

Täze UI-kit (ulanyjy interfeýs elementleriniň toplumy) «Liquid Glass» – ýagny «suwuk aýna» effektli täze dizaýn stili esasynda täzelenen komponentleri öz içine alýar. Olaryň arasynda düwmeler, menýular, açylýan sanawlar, tipografika we ýerleşdiriş maketleri bar. Şeýle hem bu toplum operasion ulgamlarda elementleriň dogry görkezilişiniň mysallaryny hem öz içine alýar. UI-kit bilen netijeli işlemek üçin Apple-yň nyşanlar kitaphanasynyň iň soňky görnüşi bolan SF Symbols-y ulanmak zerurdyr.

Bu toplumy döretmegiň esasy maksady — mobil programma dizaýnerlerine öz taslamalarynyň interfeýslerini 2025-nji ýylyň güýzünde geçiriljek iOS we iPadOS 26-nyň jemgyýetçilige hödürlenjek täze görnüşine uýgunlaşmakda kömek etmekdir. Täze operasion ulgamlar bilen birlikde iPhone 17 ýaly täze enjamlar hatarynyň hem hödürlenmegine garaşylýar.

Ozal, iýul aýynyň ortalarynda, Figma «suwuk aýna» effektini ýerli derejede (native) goldamagy girizdi. Bu bolsa dizaýnerlere goşmaça giňeltmeleri (plugin) ulanmazdan «Liquid Glass» stilindäki interfeýsleri döretmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026