Habarlar

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigiÇagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi

1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güniniň öňüsyrasynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Hayyr-sahawat gaznasy, ÝUNISEF we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde Aşgabadyň hem-de Arkadagyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan edýär

Ermenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşularErmenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular

Ermenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular

Ermenistanyň hökümeti ýurduň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky kanunçylyk başlangyjyny makullady diýip, TASS habar berýär. Bu ylalaşyk ozal Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Ilkibaşda ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üznüksiz gury ýer aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdi. Ermenistan üçin bu ulag geçelgesine goşulmak deňze çykmagyň ýönekeýleşdirilen ýoluny hem aňladýar

Mary welaýatynda “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly maslahat geçirdiMary welaýatynda “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly maslahat geçirdi

Mary welaýatynda “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly maslahat geçirdi

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Mary welaýat kazyýeti bilen bilelikde “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly dabaraly maslahaty geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy