HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Buharestde Aziýanyň yşyklary ýakyldy, bu ýerde Türkmenistan hem öz medeniýetini görkezdi

Sentýabr 09, 2025 | 01:45 |5902
Rumuniýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň 13 sany ýurdunyň şol sanda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly uly üstünliklere beslenip geçirildiRumuniýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň 13 sany ýurdunyň şol sanda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly uly üstünliklere beslenip geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Rumuniýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň 13 sany ýurdunyň şol sanda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly uly üstünliklere beslenip geçirildi. 6-njy sentýabrda Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýinde geçirilen çäre, döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik wekillerini we Buharestiň ýaşaýjylaryny bir ýere jemledi hem-de medeni dürlüligiň joşgunly baýramyna öwrüldi.

Festiwalyň işjeň gatnaşan Türkmenistan myhmanlara öz medeniýetiniň baýlygyny we özboluşlylygyny görkezýän baý maksatnamany hödürledi. Türkmenistanyň ilçihanasynyň diwarlygy tomaşaçylara däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň dünýäsine ajaýyp syýahaty hödürleýän iň köp baryp görülýän ýerleriň birine öwrüldi.

Myhmanlaryň ünsüni ilkinji nobatda milli lybaslar we keşdeler özüne çekdi. Bu ýere gelenler köp asyrlyk däp-dessurlary häzirki zaman dizaýn çözgütleri bilen sazlaşdyrýan türkmen lybaslarynyň inçelik bilen edilen işlerine we ajaýyp nagyşlaryna haýran galdylar.

Olaryň her biri sungat eseri we gadymy däp-dessurlary ýitirmän saklaýan meşhur türkmen halylary uly gyzyklanma döretdi. Dutarda halk sazlaryny ýerine ýetiren bir türkmen sazandasy, diňleýjileri türkmen sährasynyň saz sungatynyň dünýäsine aralaşdyryp, özboluşly baýramçylyk ruhyny döretdi.

Ýurduň diwarlygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn diline terjime edilen eserleri aýratyn orny eýeledi.

Festiwal jemleýji bölegi hökmünde gurnalan “Aziýa ýurtlarynyň aşhanasy” atly sergi bilen tamamlandy, bu ýere gelýänler hakyky milli tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik aldylar. Munuň özi bolsa medeni çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Buharestde geçirilen Aziýa medeni festiwaly medeni alyş-çalyşyň halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyryp, birek-biregiň özboluşly mirasy bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýändigini ýene bir gezek görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026