

Magtymguly adyndaky TDU-da III halkara matematika olimpiadasy öz işine başlady
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hytaý Halk Respublikasyndan okuwçylaryň 170-si gatnaşdy
















